Üzňelik We Töwekgellik Dilemek (#12004)

Hu’Alla.
    Eý Hakyň bendesi! Ýazgydyňa razy bol we Seniň takdyryňda näme buýrulan bolsa şoňada begen. Ynsanyň arzuwy, onuň haýrydyr öýtme. Köp-köp arzuwlar jana ýagydyr. Onda bar zady Hakyň gudratly goluna tabşyr. Öz-özüňden haýyş edip durma. Elbet Hakyň Rähmeti saňa-da şamyl bolar we näme seniň haýryň bolsa, şol hem hasyl bolar. Wel’Baha- u-eleýk.

Hezreti Abdul-Baha

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

Üzňelik We Töwekgellik Dilemek (#12003)

Oldur Ebedi Alla.
    Ylahy! Sen görýänsiň, ägäsiň. Sen söýeg hem penasyň. Senden özgäni gözlemedim, gözlemen. Söýgi ýolundan gaýry aşmadym hem aşmanam. Umytsyz tüm gijede, gözlerim Seniň tükeniksiz Keremiň umytly säherine röwşen bolup açylýandyr we daňdanlar bu solgun jan hem köňül, Seniň Jemalyň we Kemalyň ýadynda dem alyp tolgunýandyr. Seniň Rahmany mähriňe laýyk bolan her damja, ummasyz deňizdir we Seniň Jomartlyk şöhläňden dadan her zerre, nurly hem taban güneşdir.
    Onda Eý meniň Päk Taňrym! Bu hyjuwly hem şeýda bendäňi Öz penahyňda sakla we bu barlyk äleminde Öz söýgiňe wepadar hem berk eýle. Bu persiz-ganatsyz guşa Öz Rahmany höwürtgäňde we Ruhany pudagyňda jaý we pena bagyş eýle.

Hezreti Abdul-Baha

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

Üzňelik We Töwekgellik Dilemek (#12005)

Hu’äl-Äbha.
    Barhudaýa! Köňlümde hem ruhumda Seniň razylygyň arzuwyndan başga hiç myradym ýokdyr we Seniň ähdi-peýman meýlisiňden özge ýerde ýol hem wysal gözlemeýändigime Sen şaýat hem ägäsiň. Gije-gündiz Seniň derdiň dertkeşi men, gije-gündiz seň tygyňdan, Seň okuňdan ýaraly men. Seniň röwşen Melekutyňdan başga ýerde aglamaryn. Seniň ýalňyzlygyň daldawundan özge ýerden aman soramaryn. Men bigäneden bizar bolup diňe Seniň dostlugyňa köňül bagladym. Özgelerden aryp, ownuklardan daşlaşdym.
    Eý Perwerdigär! Seniň ugruňda şeýda we aşyk bolmagy maňa miýesser eýle. Goý men Saňa mejnun bolanlaryň hem Seniň köýüňde köýüp ruswa bolanlaryň başy bolaýyn. Sen maňa bu ykbaly ber hem bu Ýalkaýyşy menden gaýgyrma. Sensiň Perwerdigär. Sensiň Ýalkaýjy.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

